Eýranda bolan sil apatynda 2 adam ýogaldy

Eýranyň gündogarynda täsirli bolan sil apatynda ilkinji kesgitlemelere görä 2 adam ýogaldy

1764351
Eýranda bolan sil apatynda 2 adam ýogaldy

Eýranyň resmi IRNA habarlar agentligniň berýän habaryna görä, Kirman welaýatynyň gündogarynda we günorta-gündogarynda geçen hepdäniň ýekşenbe gününden bäri dowam edýän aşa ýagýan ýagyşlar sil apatynyň döremegine sebäp boldy, köp sanda öýi suw basdy.  

Kirman welaýatynyň häkimi Ali Zeýniwend, soňky 2 gün bäri dowam edýän aşa ýagýan ýagyşlaryň sebitdäki derýalaryň suwlarynyň joşmagyna sebäp bolandygyny belläp, derýalaryň golaýyndaky obalaryň ýaşaýjylarynyň howpsuz ýerlere göçürilmegi barada görkezme berendigini habar berdi. 

Kirman welaýatynyň häkimi Ali Zeýniwend, welaýatda sil sebäpli 130 aýry oba bilen aragatnşygyň kesilendigini we obalara barýan ýollaryň açylmagy üçin işleriň dowam edýändigini mälim etdi. 

Sil apatynyň iň köp zyýan ýetiren welaýatyň Rigan etrabynyň häkimi Emin Bakyri, elektrik tok we telefon liniýalarynyň kesilendigi üçin etrabyň daglyk ýerlerindäki obalardan habar alyp bolmaýandygyny aýan etdi. 

Bakyri dagdaky obalaryň ýaşaýjylaryna kömek etmek üçin sebite ugradylan toparlaryň hem sile sezewar galandyklaryny we olar bilen hem aragatnaşygyň kesilendigini mälim etdi. 

Rigan etrabynyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň başlygy Behzad Arif hem häzirki wagta çenli sebitde 1-i çaga jemi 2 adamyň sil sebäpli ýogalandygyny we 1 çaganyň hem dereksiz ýitendigini habar berdi. 

Beýleki tarapdan aşa ýagýan ýagyşlar sebäpli Kirman welaýatynyň 7 aýry etrabynda mekdeplere arakesme berilendigi beýan edildi. 


Etiketkalar: #derýa , #oba , #Kirman , #sil apaty , #Eýran

Degişli Habarlar