Nýu-Ýork şäherindäki ýangynda ýogalan musulman raýatlar üçin çäre geçirildi

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheriniň Bronks etrapçasyndaky binalaryň birinde bolan ýangynda ýogalan 15 musulman raýat üçin jynaza namazy okaldy

1763510
Nýu-Ýork şäherindäki ýangynda ýogalan musulman raýatlar üçin çäre geçirildi

Ýangynda ýogalan 17 adamyň 15-si üçin Bronks etrapçasyndaky Yslam Medeniýet merkezinde çäre geçirildi. 

Ýogalanlaryň aglabasy Gambiýadan bolan musulmanlaryň ýakynlarynyň we dogan-garyndaşlarynyň gatnaşan çärä şeýle hem şäheriň ýaşaýjylary gatnaşdylar. 

Çärä Nýu-Ýork şäheriniň häkimi Erik Adams we ABŞ-nyň Senadynyň Köpçüligiň lideri we Demokrat partiýadan Nýu-Ýorkyň Senatory Çak Şumer bilen birlikde şeýle hem Gambiýanyň hökümetinden 2 resmi hem gatnaşdy. 

Okalan jynaza namazyndan we edilen aýat-töwirlerden soň ýogalanlaryň 11-si jaýlanmak üçin Nýu-Jersä ugradyldy, 4-siniň bolsa maşgalalarynyň talabyna laýyklykda Gambiýa ugradyljakdygy habar berildi. 

Ýangynda ýogalan 2 çaga üçin geçen hepdäniň başynda Harlem etrapçasyndaky metjitleriň birinde çäre geçirilipdi. 

Nýu-Ýork şäheriniň Bronks etrapçasynda 9-njy ýanwarda elektrik enjamy sebäpli ýüze çykan ýangynda 8-si çaga jemi 17 adam ýogaldy, 63 adam bolsa tüsseden zäherlenip hassahanada bejergi astyna alyndy. 



Degişli Habarlar