ABŞ-da sinagogda zamun alynan adamlar halas edildi
ABŞ-nyň Tehas ştatynda ýaragly hüjümçi tarapyndan sinagogda zamun alynan adamlaryň ählisiniň halas edilendigi habar berildi
Tehas ştatynyň Kolliwill şäheriniň resmileri, ýaragly hüjümçi tarapyndan zamun alynan 3 adamyň binada geçirilen operasiýa bilen halas edilendigini mälim etdiler.
Beth Israel jemgyýetiniň agzasy bolan zamun alynan 1 adam, hüjümçi tarapyndan zamun alynanyndan ençeme sagat goýberilipdi.
Operasiýanyň netijesinde sinagogdaky zamunlary 10 sagatdan gowrak wagt saklan ýaragly hüjümçiniň öldürilendigi aýan edildi.
Operasiýadan jogapkär Federal Derňew Býurosynyň (FBI) ýörite işgäri Matt DeSaro, toparynyň od açmak bilen netijelenen operasiýasyny derňejekdigini habar berdi.
Federal Derňew Býurosy we Polisiýa gullugy, hüjümçini kimiň öldürendigi baradaky soragyna jogap bermegi ret etdi.
DeSarno, ýaragly hüjümçiniň şahsyýetiniň anyklanandygyny, emma häzirki wagtda şahsyýetini aýan etmejekdiklerini ýa-da tassyklamajakdyklaryny beýan etdi.
Degişli Habarlar

Sil Apaty Hindistanda we Bangladeşde Gündelik Durmuşa Ýaramaz Täsirini Ýetirýär
Hindistanda we Bangladeşde sil sebäpli azyndan 57 adam ýogaldy.

Nýu-Ýorkda Ilkinji Gezek Maýmyn Gülü Wirusyna Gabat Gelindi
Wirusa ýoluganlaryň sanynyň öňümizdäki aýlarda Ýewropada artyp biljekdigi barada duýduryş berildi.