ÝB, Ukrainada Döwlet Edaralaryna Guralan Kiber Hüjümi Ýazgardy

Ukrainanyň Daşary işler ministrligi bilen birlikde käbir edaralar kiber hüjümlere sezewar bolupdy.

1763021
ÝB, Ukrainada Döwlet Edaralaryna Guralan Kiber Hüjümi Ýazgardy

ÝB Komissiýasynyň giňelmekden jogapkär agzasy Oliwer Warhelýi, Ukraina guralan kiber hüjümler hakynda beýannama berdi.

Ukraina guralan kiber hüjümleri berk ýazgarýandyklaryny nygtan Warhelýi, hüjümleriň kabul edilmesizdigini we durnuklylyga zeper ýetirýändigini aýtdy.

Warhelýi, “Ukraina garşy guralýan hüjümler bes edilmeli. ÝB Komissiýasy, Ukrainanyň kiber hüjümlere garşy güýçlendirilmegi üçin elinden geleni etmäge taýar” diýdi.

Ukrainanyň Daşary işler ministrligi bilen birlikde käbir edaralar kiber hüjümlere sezewar bolupdy.



Degişli Habarlar