Eýranyň Nebit Eksporty 40 Göterim Ýokarlady

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi 2021-nji ýylyň awgust aýyndan bäri ýurduň nebit eksportunyň 40 göterim artandygyny aýtdy.

1762212
Eýranyň Nebit Eksporty 40 Göterim Ýokarlady

Eýranyň Kum şäherinde geçirilen maslahata wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşan Raisi, sözlän sözünde ýurdunyň nebit eksporty hakynda maglumat berdi.

ABŞ-nyň goran sanksiýalaryny täsirsiz ýagdaýa getirmäge çalyşýandyklaryny beýan eden Raisi; “Eýranyň nebit eksporty şeýle derejä ýetdi welin, indi bu meselede aladamyz ýok. Hökümetimiziň iş başyna gelmeginden soň nebit eksportumyz 40 göterim artdy. Mundan alynýan girdeji ýurda gelýär” diýdi.



Degişli Habarlar