Ortaýer Deňizinde 6,4 Bal Ululygynda Ýer Titremesi Boldy

Türkiýe wagty bilen 04.07-de Ortaýer deňizinde Kipr Adasynyň günorta günbatarynda 6,4 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

1760396
Ortaýer Deňizinde 6,4 Bal Ululygynda Ýer Titremesi Boldy

Ortaýer deňizinde Kipr Adasynda 6,4 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

AFAD-yň internet saýtynda berlen maglumata görä, Türkiýe wagty bilen 04.07-de Ortaýer deňizinde Kipr Adasynyň günorta günbatarynda 6,4 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

5,06 kilometr çuňlukda bolan ýer titremesiniň merkeziniň Mersiniň Anamur etrabyndan 134 kilometr alysdadygy nygtaldy.

Ýer titremesiniň Kipr Adasynyň başda durmagynda Antalýada, Mersinde, Hataýda, Adanada, Yspartada, Burdurda we Konýada hem täsirli bolandygy ýatladyldy.

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, Ortaýer deňizinde bolan ýer titremesi sebäpli hiç hili ýitgi çekilmändigini mälim etdi.



Degişli Habarlar