Demirgazyk Koreýa täze gipersonik raketa synagyny geçirendigini habar berdi

Demirgazyk Koreýanyň hökümeti düýn täze görnüş gipersonik raketa synagyny geçirendigini mälim etdi

1758116
Demirgazyk Koreýa täze gipersonik raketa synagyny geçirendigini habar berdi

Demirgazyk Koreýanyň Merkezi habarlar agentligi tarapyndan berilen habarda düýn irden geçirilen raketa synagy bilen bagly maglumat berildi. 

Berilen habara görä düýn irden synagy geçirilen raketanyň täze görnüş gipersonik raketadygy we synagyň üstünlikli ýagdaýda geçendigi mälim edildi. 

Habarda: "Gipersonik raketa ugrundaky synaglarda edilýän üstünlikler, strategik ähmiýede eýe bolan döwletiň Ýaragly güýçlerini döwrebaplaşdyrmagyny çaltlandyrýar" diýip aýan edildi. 

Hökümetiň başyndaky Zähmetkeşler partiýasyna ýakyn bolan Rodong Sinmun gazedi, raketa synagynyň geçirilen pursadynyň suratyny halk köpçüligi bilen paýlaşdy. 

Günorta Koreýanyň Baş Ştaby düýn irden ýerli wagt bilen sagat 08:10-da Demirgazyk Koreýanyň Jagang sebitinden raketanyň uçurylandygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar