Demirgazyk Koreýa Balistiki Raketa Synagyny Geçirdi

Günorta Koreýa raketa synagynyň ýerli wagt bilen 08.10-da geçirlendigini mälim etdi.

1757338
Demirgazyk Koreýa Balistiki Raketa Synagyny Geçirdi

Ýaponiýa bilen Günorta Koreýa, Demirgazyk Koreýanyň balistiki raketa synagyny geçirendigini habar berdi.

Ýaponiýanyň Goranmak ministri Kişi Nubuo, “Balistiki raketa ýaly gönünýan element Demirgazyk Koraýanyň merkezinden gündogara tarap atyldy” diýdi.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kişida Fumio hem Demirgazyk Koreýanyň geçen ýyldan bäri geçirýän synaglaryny “şowsuzlyk” hökmünde häsiýetlendirdi.

Kişida, sebitdäki deňiz we howa gatnawynyň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi üçin degişli ýolbaşçylara görkezme berendigini aýtdy.

Günorta Koreýanyň Baş ştaby hem raketa synagynyň ýerli wagt bilen 08.10-da geçirlendigini mälim etdi.



Degişli Habarlar