Tunisde harby dikuçaryň ýere gaçmagy netijesinde 1 adam ýogaldy

Tunisiň resmileri waka bilen bagly entek beýanat bermediler

1756523
Tunisde harby dikuçaryň ýere gaçmagy netijesinde 1 adam ýogaldy

Tunisiň demirgazygynda harby dikuçaryň ýere gaçmagy netijesinde uçaryň uçarmanynyň kömekçisi ýogaldy, uçarman bolsa agyr ýagdaýda ýaralandy. 

Tunisiň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Muhammed Zekeri, Tunisiň Bizerte welaýatynda harby dikuçaryň tälim uçuşyny amala aşyrýarka ýere gaçandygyny habar berdi. 

Zekeri  harby dikuçaryň ýere gaçmagy netijesinde uçaryň uçarmanynyň kömekçisiniň ýogalandygyny, uçarmanyň bolsa agyr ýagdaýda ýaralanandygyny we hassahana ýatyrylandygyny mälim etdi. 

Tunisiň resmileri waka bilen bagly entek beýanat bermediler. 


Etiketkalar: #dikuçar , #Tunis

Degişli Habarlar