Nigeriýada Zamun Alynan Okuwçylardan 21-i Boşadyldy
Zamun alynan okuwçylaryň doly sany barada hiç hili maglumat berilmedi.
1756682

Günbatar Afrika ýurtlaryndan biri bolan Nigeriýada zamun alynan okuwçylardan 21-niň boşadylandygy habar berildi.
Bakura etrapçasynda zamunan alynan okuwçylardan 21-niň boşadylandygy we okuwçylaryň saglyk ýagdaýynyň gowydygy nygtaldy.
Mesele hakynda howpsyzlyk güýçlerinden berlen beýannamada, zamun alynan okuwçylaryň doly sany barada bolsa hiç hili maglumat berilmedi.
2020-nji ýylyň 31-nji dekabrynda mugallymlary bilen birlikde syýahat edýän topar, şahsyýeti näbelli adamlar tarapyndna zamun alnypdy.
Degişli Habarlar

Braziliýada kiçi uçar ýere gaçdy
Braziliýanyň San-Paulu şäherinde kiçi uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 2 adam ýogaldy