Sudanyň Premýer ministri wezipesinden çekildi

Sudanyň Premýer ministri  Abdullah Hamduk wezipesinden çekilýändigini habar berdi

1755883
Sudanyň Premýer ministri wezipesinden çekildi

Döwlet telewideniýesine beýanat beren Abdullah Hamduk: "Sudanyň halkyna ýol açmak üçin, amanady gowşuryp wezipämden çekilmek barada karara geldim" diýip habar berdi. 

Ýurdunyň betbagtçylyga sezewar bolmazlygy üçin elinden gelenini edendigini aýdan Hamduk: "Sudanyň ynkylaby maksatlaryna tarap barýar" diýip mälim etdi. 

Ýurdunyň gysga wagtda düzedilmese barlygyna howp salýan howply öwrülişik nokadyndan geçýändigini aýdan Hamduk, eden ähli tagallalaryna garamazdan krizise çözgüt tapmak üçin syýasy, harby taraplar bilen gepleşikler geçirendigini, emma netije alyp bilmändigini aýan etdi. 

Beýleki tarapdan ýurdyň paýtagty Hartum şäherinde geçirilen protestlere howpsuzlyk güýçleriniň berk garşylyk görkezmegi netijesinde ýene-de 2 adam ýogaldy.

Sudanyň Merkezi Lukmanlar komitetinden berilen beýanatda, protestlerde ýene-de 2 adamyň ýogalmagy bilen 2021-nji ýylyň 25-nji oktaýbryndan bäri hasaba alynan ýogalan adamlaryň sanynyň 56-a ýetendigi mälim edildi. 

Ýurtda goşun geçen ýylyň 25-nji oktýabrynda ýurdyň häkimiýetini ele geçiripdi. Raýat dolanşygynyň tarapdarlary bolsa harbylaryň çekilmegi baradaky talaplary bilen şol günden bäri demonstrasiýalar geçirýär. 

Ýurdyň goşuny bolsa 2023-nji ýylyň iýul aýynda saýlaw bilen häkimiýediň başyna geljek hökümet gurulýança çenli häkimiýetde şärik bolmaga dowam etjekdigini nygtaýar. 



Degişli Habarlar