Burkina-Fasoda 29 gozgalaňçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Burkina-Fasonyň Sourou şäherinde harby birikmä hüjüm guran 29 gozgalaňçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1756109
Burkina-Fasoda 29 gozgalaňçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Ýurdyň metbugatynda berilen habarlara görä, Sourou şäheriniň Gamboro diýilýän ýerinde ýerleşýän harby birikmä hüjüm gurandygy habar berilen gozgalaňçy topar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda ýaragly çaknyşyk boldy. 

Çaknyşykda 29 gozgalaňçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, Burkina-Fasonyň goşunyndan 11 esger bolsa ýaralandy. 

Geçen hepde şol ýerde Burkina-Fasonyň goşunyndan 41 esger, ýaragly toparyň guran hüjüminde ýogalypdy. 

Ýurdyň Prezidenti Roh Mark Kristian Kabore, hüjümden soň ýurtda 48 sagat möhlet bilen milli ýas yglan edipdi. 

Burkina-Fasoda 2021-nji ýylyň noýabr aýynda guralan terrorçylykly hüjümde 58 esgeriň ýogalmagy, halkyň arasynda hökümede garşy berk tankydy bellikleriň bildirilmegine sebäp döredipdi. 

Şol hüjümlerden soň Prezident Kaboreniň wezipesinden çekilmegi üçin protestler geçirilipdi, hökümet terrora garşy göreşde başarnyksyz hereketler etmek bilen aýyplanypdy. 

Prezident Kabore bolsa şol reaksiýalar sebäpli 2021-nji ýylyň 8-nji dekabrynda ýurdyň Premýer ministri Žozef Mari Dabiri wezipeden boşadypdy. 



Degişli Habarlar