Bangladeşde ýolagçy gämisi ýandy

Günorta Aziýa ýurdy bolan Bangladeşiň günortasyndaky Sugandha derýasynda ýolagçy gämisiniň ýanmagy netijesinde 38 adam ýogaldy

1752179
Bangladeşde ýolagçy gämisi ýandy

Bangladeşiň günortasyndaky Sugandha derýasynda ýolagçy gämileriniň biri ýerli wagt bilen sagat 03:00-da ýanmaga başlady. 

Jhalakathi sebitiniň Ýangyn söndüriji gullugynyň resmisi Hossain Bhuiýan beren beýanatynda: "Häzirki wagta çenli 38 adamyň jesedini çykardyk" diýip habar berdi. 

Gäminiň ýurdyň paýtagty Dakka şäherinden Barguna şäherine tarap barýandygyny aýdan Bhuiýan, ýangynyň maşyn bölüminde ýüze çykandygyny aýan etdi. 

Jhalakathi sebitiniň resmisi Zohor Ali bolsa 50-dan gowrak adamyň hassahanada bejergi astyna alynandygyny we käbir adamlaryň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny belläp, ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirýändiklerini mälim etdi. 

Ali käbir ýolagçylaryň bolsa dereksiz ýitendigini beýan etdi. 

Ýangynyň näme sebäpli ýüze çykandygy entek anyklanmady, başladylan gözleg we halas ediş işleri bolsa dowam edýär. Gämide ýangyn çykmadan ozal 500-e golaý adam bardy. 



Degişli Habarlar