Blinken Borrell Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Blinken we Borrell Ukraina we Litwa meselesinde pikir alyşdylar.

ABŞ-nyň döwlet Sekretary Entoni Blinken ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we Howpsuzlyk syýasatlary boýunça Ýokary wekili Žozep Borrell bilen Russiýanyň Ukraina serhedine harby güýç getirmegi, Hytaýyň Litwa edýän syýasy basyşy hakynda pikir alyşdy.
ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygynyň Metbugat gullugynyň Sekretary Nid Praýs Blinken bilen Borrelliň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini beýan etdi.
Praýs; “Döwlet Sekretary we Ýokary wekil ABŞ-ÝB hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek hem-de öňde durýan kynçylyklara garşy göreşmek üçin bilelikde işleşmäge dowam etmek boýunça kepilliklerini tassykladylar” diýdi.
Iki ýolbaşçynyň Ukrainanyň özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini goldamak üçin utgaşykly işleşmegiň ähmiýetini nygtandyklaryny aýdan Praýs; “Ukraina guraljak haýsydyr bir rus harby hüjüminiň Russiýa Federasiýasy üçin agyr netijeleriniň boljakdygyny ýene-de bir gezek nygtadylar. Aýratynam Hytaý Halk Respublikasynyň Litwa garşy hem Amerikan hem-de Ýewropa firmalaryna zyýan täsir ýetirjek syýasy we ykdysady başyna bilelikde alada bildirdiler” diýdi.
Praýs Blinkeniň we Borrelliň Hytaýyň basyş ediji pozisiýasyna garşy Litwa bilen dowam edýän arkalaşyga ünsi çekendikleri hem-de ykdysady güýji kuwwatlandyrmak üçin bilelikde işleşmegi kepillendirendiklerini aýtdy.
Degişli Habarlar

Ýaponiýada Hytaýyň 4 raýaty tussag edildi
Ýaponiýada bikanun stimulýator madda söwdasyny edendigi şübhelenilýän Hytaýyň 4 raýaty tussag edildi