Belarussiýanyň Londondaky ilçihanasyna hüjüm guraldy

Ilçihana guralan hüjüm bilen bagly doly derňewiň geçirilmegi bilen baglanşykly talabyň ýurtdaky iňlis diplomatlaryň birine ýetirilendigi habar berildi

1750304
Belarussiýanyň Londondaky ilçihanasyna hüjüm guraldy

Belarussiýanyň London şäherindäki ilçihanasyna guralan hüjümde diplomatlaryň biriniň ýaralanandygy we ilçihananyň binasyna zyýan ýetendigi habar berildi. 

Belarussiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä, ady agzalan hüjümde diplomatyň burny we dişleri döwüldi.

Wakadna soň "Nadzeýa" atly radikal migrant toparyna degişlidigi çak edilýän käbir hüjümçileriň göz tussaglygyna alynandygy aýan edildi. 

"Nadzeýa" atly Facebook topary, geçen ýyl Belarussiýanyň hökümetine garşy geçirilen köpçülikleýin protestlerde oppozisionerleri goldamak maksady bilen döredilipdi. 

Ilçihana guralan hüjüm bilen bagly doly derňewiň geçirilmegi bilen baglanşykly talabyň ýurtdaky iňlis diplomatlaryň birine ýetirilendigi habar berildi. 

 



Degişli Habarlar