“Eger Işe Girişilmese Owganystanyň Ykdysadyýeti Çöker”

Pakistan, “Eger işe girişilmese Owganystanyň ykdysadyýeti çöker diýip” duýduryş berdi.

1749905
“Eger Işe Girişilmese Owganystanyň Ykdysadyýeti Çöker”

Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi, Pakistanyň paýtagty Yslamabatda geçirlen Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleri geňeşiniň 17-nji maslahatyndan soň, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Hüseýin Ibrahim Taha bilen birlikde metbugata beýannama berdi.

Kureýşi, Kabuldaky ýolbaşçylar bilen şol bir garaýşa eýe bolman biljekdiklerini emma 38 millionlyk owgan halkyna üns berilmelidigini nygtap “Eger işe girişilmese Owganystanyň ykdysadyýeti çöker” diýdi.

Owganystanda ýagdaýyň agyrlaşmagynyň goňşy ýurtlar bilen birlikde bütin dünýä ýaramaz täsirini ýetirjekdigi barada duýduryş beren Kureýşi, owgan halkyna ýardam berilmelidigini, Pakistanyň bu meseläni özbaşyna çözüp biljekdigini nygtady.

Kureýşi, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň çäginde ABŞ we Owganystanyň wekilleriniň duşuşandygyny ýatlatdy.

Kureýşi, halkara fynans guramalarynda Owganystan üçin sarp ediljek 1,2 milliard dollaryň bardygyny, Owganystandaky banklaryň açylmagy bilen daşary ýurtlarda ýaşaýan owganlaryň dogan garyndaşlaryna pul goýberip biljekdiklerini aýtdy.



Degişli Habarlar