Borrell Russiýa Bilen Geçiriljek Gepleşiklere ÝB-niň Hem Gatnaşmalydygyny Aýtdy

ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we Howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Žozep Borrell Russiýa bilen geçiriljek gepeşiklere ÝB-niň wekiliniň hem gatnaşmalydygyny beýan etdi.

1749932
Borrell Russiýa Bilen Geçiriljek Gepleşiklere ÝB-niň Hem Gatnaşmalydygyny Aýtdy

Borrell sebitdäki sonky ýagdaý hakynda ýazan makalasynda; diplomatiýanyň, birmeňzeş pikir edýän taraplaryň bilelikde alyp barmagy netijesinde üstünlik getirjekdigini beýan etdi.

Ýewropanyň howpsuzlygy boýunça geçiriljek haýsydyr bir maslahata ÝB-niň tebigy şertlerde gatnaşmalydygyny nygtan Borrell, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň günbatardan kepillik soraýan taslama teklibiniň NATO-nyň  ýewropaly agzalaryny hem gyzyklandyrýandygyny aýtdy.

“ÝB-niň şol diskussiýalaryň aýrylmasyz bölegi bolmalydygyny iňňän açyk” diýen Borrell, Russiýa bilen haýsydyr bir gepleşik şerti üçin Ýewropada Howpsulyk we Hyzmatdaşlk Guramasyny salgy berdi.

Russiýa ABŞ-na we NATO hödürlän howpsuzlyk kepillikleri hakyndaky teklibinde NATO-nyň gündogara tarap giňelmeginden el çekmegi boýunça kepillik bermegini sorapdy.

Russiýa şol teklipde aýratynam ABŞ-nyň ozalky Sowet Soýuzuna girýän ýurtlarda we NATO agza bolmadyk ýurtlarda harby baza açmalygy talap edýär.



Degişli Habarlar