Tesla Iki Müşdersinden Rekord Jerime Talap Edýär

Elon Maskyň “Tesla” firmasy iki müşterisine rekord derejede jerime işini gozgady

1749066
Tesla Iki Müşdersinden Rekord Jerime Talap Edýär

“Tesla”, ulaglarynyň howpsuzlygyndan we hilinden şikaýet eden iki adamy firma töhmet atmakda günäkärledi.

“Teslanyň” ýolbaşçylary myş-myşlaryň firmanyň ygtybaryna esassyz görnüşde zyýan ýetirendigini öňe sürdi.

“Teslanyň” kazyýet işini gozgan müşderilerinden biri bolan “Model S-iň” ulanyjysy Han Çao, firmanyň özüne birnäçe ýeri abatlanan, ulanylan ulagy satandygyny beýan edip, “Teslany” kezzaplyk etmekde günäkärledi.

Han, Hyýaýyň sosial media platformasy Weibodaky habarnamasynda “Teslany” “garakçy firmasy” hökmünde häsýetlendirdi.

Firma, şol habarnamasy sebäpli tassyklanmadyk, esassyz we garalaýyjy sözleri sebäpli Hana kazyýet işini gozgady. “Tesla” aýyplamalary sebäpli hyýaýly müşdersinden 12,4 million Türk lirasyny tölemegini talap edýär.

“Teslanyň” kazyýet işini gozgan beýleki bir hytaýly müşderisi Žang Ýazou.

Ýazou Şanhaý Awtosergisinde “Teslanyň “Model 3” sedan ulagynyň bozuk tormoz ulgamynyň bardygyny öňe sürüp, protest edipdi.

Firma Žangdan hem 12,6 million Türk lirasy jerime tölemegini talap edýär.

 



Degişli Habarlar