Putin Bilen Makron Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Putin bilen Makron, Belarus-Polşa serhedinde başdan geçirilýän immigrant krizisi hakynda pikir alyşdy.

1747557
Putin Bilen Makron Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kremlden berlen beýannama görä, Putin bilen Makron telefon söhbetdeşliginde, Belarus-Polşa serhedinde başdan geçirilýän immigrant krizisi hakynda pikir alyşdy.

Putin, ÝB-na agza ýurtlaryň wekilleriniň şuňa meňzeş kynçylyklary belarus hökümeti bilen ara alyp maslahatlaşmalydygyna ünsi çekdi we Polşa bilen Baltika ýurtlarynyň immigrantlaryň hukuklarynyň goralyp saklanmagy baradaky halkara jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmändigini belledi.

Telefon söhbetdeşliginde immigrant krizisiniň halkara kadalaryň çäginde çözülmelidigi nygtaldy.

Putin bilen Makron Ukraina krizisi, Garabagda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda hem pikir alyşdy.



Degişli Habarlar