Omikron Çaltlyk Bilen Ýaýraýar

BSGG koronawirusyň “Omikron” wariantynyň dünýä derejesinde deňi-taýy görülmedik derejede ýaýraýandygyny duýdurdy.

1747766
Omikron Çaltlyk Bilen Ýaýraýar

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy koronawirusyň “Omikron” wariantynyň dünýä derejesinde deňi-taýy görülmedik derejede ýaýraýandygyny duýdurdy.

BSGG-nyň Baş Direktoro Tedros Adhanom Gebreýesus 77 ýurtda “Omikrona” ýoluganlaryň bardygyny beýan edip; “Mundan ozal haýsydyr bir mutasiýada görülmedik derejedäki tizlikde ýaýraýar” diýdi.

Gebreýesus mutasiýanyň bilinýäninde köp ýurtda bardygyny çaklaýandyklaryny nygtap; “ “Omikron” agyr bolmadyk hassalyga sebäp bolýan hem bolsa, wirusa ýolukýanlaryň sanynyň artmagy saglygy goraýyş ulgamlaryna zyýan ýetirer” diýdi.

Sanjymyň ýurtlary çökgünlikden çykarmaga ýetmejekdigini beýan eden Gebreýesus, fiziki aralygyň, agyz-burun örtügini dakynmagyň we gigiýenanyň möhümdigini nygtady.

Ýurtlaryň arasynda Kowid-19 sanjymlama mukdarlarynda henizem uly densizliğin bardygyny beýan eden Genreýesus; “41 ýurt henizem ilatynyň 10 göterimini sanjymlamagyň hötdesinden gelip bilmedi, 98 ýurt 40 göterime ýetmedi. Şol ýurtlardaky ilat gatlaklarynyň arasynda-da uly deňsizlikleriň bardygyny görýäris” diýdi.

Gebreýesus: “Egerde densizligi ortadan aýyryp bilsek, Kowid-19 pandemiýasyny ortadan aýyrarys. Eger deňsizligiň dowam etmegine ýol bersek, pandemiýanyň dowam etmegine ýok berdigimiz bolar” diýdi.

 



Degişli Habarlar