Stoltenberg Norwegiýanyň Merkezi Bankyna Başlyk Bolmak Isleýär

NATO-nyň Baş Sekretary Ýens Stoltenberg NATO-daky wezipesiniň möhleti dolandan soň Norwegiýada Merkezi bankyň başlygy bolmak üçin ýüz tutdy.

1747435
Stoltenberg Norwegiýanyň Merkezi Bankyna Başlyk Bolmak Isleýär

Norwegiýanyň habarlar gullugy “NTB-niň” habar bermegine görä Norwegiýanyň Maliýe ministlrigi Merkezi bankyň başlyklygyna dalaş edýän 22 adamyň sanawyny çap etdi.

Mundan ozal 8 ýyldan gowrak Nowergiýanyň Premýer ministri we 4 ýyl Maliýe ministri bolup işlän, Zähmetkeşler partiýasyna liderlik eden Stoltenbergiň adynyň 22 adamlyk sanawda ýer alýandygy habar berildi.

“NTB” habarlar gullugyna beýanat beren Stoltenberg, Merkezi bankyň başlyklygyna dalaş edýändigini tassyklady.

İki döwür üçin NATO-da baş sekretarlyk eden Ýens Stoltenbergiň wezipesiniň möhleti 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda dolýar.

Täze baş sekretaryň NATO-nyň iýun aýynda İspaniýada geçiriljek sammitinde saýlanmagyna garaşylýar.

 



Degişli Habarlar