Fransiýada binanyň çökmegi netijesinde ýogalanlaryň sany üç adama ýetdi

Partlamanyň gaz sebäpli bolandygy mälim edildi

1745125
Fransiýada binanyň çökmegi netijesinde ýogalanlaryň sany üç adama ýetdi

Fransiýanyň günortasyndaky War sebitinde partlamanyň netijesinde çöken binada ýogalanlaryň sany 3 adama ýetdi.

Fransiýanyň metbugatynda berilen habarlara görä, Sanari-sýur-mer şäherinde düýn ýerli wagt bilen sagat 03:40-da 3 gatly binanyň harabalyklarynyň aşagyndan 36 sagat soň ýene-de bir adamyň jesedi çykaryldy.

Wakada ýogalanlaryň sany şeýlelik bilen 3 adama ýetdi, 5 adam bolsa ýaralandy.  

Ýeňil ýagdaýda ýaralanan 3 adamyň gapdaldaky binanyň ýaşaýjylarydygy bellenen habarda, partlamanyň gaz sebäpli bolandygy mälim edildi.


Etiketkalar: #çökmek , #bina , #Fransiýa

Degişli Habarlar