ABŞ, Terror Guramasy ÝPG/PKK Bilen Birlikde Harby Türgenleşik Geçirdi

ABŞ, 1-nji dekabrda hem ÝPG/PKK-ly ýüzlerçe terrora ýarag talimini beripdi.

1745129
ABŞ, Terror Guramasy ÝPG/PKK Bilen Birlikde Harby Türgenleşik Geçirdi

Siriýada ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a ýarag tälimini bermäge dowam edýän ABŞ-nyň harby goşuny, Deýrizor welaýatynyň günbatarynda terror guramasy bilen birlikde harby türgenleşik geçirdi.

Ýerli çeşmeleriň berýän habaryna görä, ABŞ-nyň harby goşuny, Deýrizor welaýatynyň günbatarynda ýerleşýän Abu Haşeb çölünde terrorçylar bilen birlikde harby türgenleşik geçirdi.

3 tank we birnäçe sowutly ulag bilen geçirlen türgenleşikde terroçylara raketalaryň ulanylmagy hakynda tälim hem berildi.

Harby türgenleşigiň Deýrizoryň şäher merkeziniň golaýynda Eýran tarapyndan goldanýan terrorçylar bilen rus esgerleriniň bolýan Salihiýýe etrapçasynyň golaýynda geçirilmegi ünsleri özüne çekdi.

Salihiýýe etrapçasy Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň gözegçiligi astynda.

ABŞ, 1-nji dekabrda hem Siriýanyň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Haseke welaýatynda ÝPG/PKK-ly ýüzlerçe terrora ýarag tälimini beripdi.



Degişli Habarlar