Zelenskiý: "ABŞ-na dowamly berýän goldawy sebäpli minnetdarlyk bildirýärin" diýdi

Zelenskiý, Twitterden beren beýanatynda, Baýden-Putin söhbetdeşliginden ozal Blinken bilen pozisiýalary boýunça ylalaşandyklaryny habar berdi

1743975
Zelenskiý: "ABŞ-na dowamly berýän goldawy sebäpli minnetdarlyk bildirýärin" diýdi

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, şu gün ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda geçiriljek telefon arkaly söhbetdeşlikden ozal, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde ýurdy bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi. 

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, Twitterden beren beýanatynda, Baýden-Putin söhbetdeşliginden ozal Blinken bilen pozisiýalary boýunça ylalaşandyklaryny habar berdi. 

ABŞ bilen bilelikde hereket etmek babatynda ylalaşyga gelendiklerini aýdan Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý: "Strategik partnýor we hyzmatdaş bolan ABŞ-na özygtyýarlylygymyza we territorial bütewiligimize dowamly berýän goldawy sebäpli minnetdarlyk bildirýärin" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar