Blinken Bilen Miçotakis Ukraina Meselesi Hakynda Pikir Alyşdy

Blinken Gresiýanyň Premýer-ministri Kirýakos Miçotakis bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1744009
Blinken Bilen Miçotakis Ukraina Meselesi Hakynda Pikir Alyşdy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Praýs, Entoni Blinkeniň Gresiýanyň Premýer-ministri Kirýakos Miçotakis bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini habar berdi.

Praýs, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken bilen Gresiýanyň Premýer-ministri Miçotakisiň, Russiýanyň Ukraina serhedine esger ornaşdyrmagy we iki ýurduň arasyndaky maýa goýumlar hakynda pikir alyşdygyny nygtady.

Praýs “Blinken bilen Miçotakis, iki taraply gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdy. Russiýanyň hüjüm ediji syýasatyna garşy Ukrainanyň özygtyýarlygyna we bitewiligine goldaw bermegiň ähmiýetine ünsi çekdi” diýdi.

Praýs, “Telefon söhbetdeşliginde, ABŞ bilen Gresiýanyň arasyndaky maýa goýumlaryň güýçlendirilmegi meselesine hem garaldy” diýip belledi.



Degişli Habarlar