ÝB Ukraina 31 Million Ýewro Kömek Berer

Beriljek kömek parahatçylygy goldamagy maksat edinýär.

1742349
ÝB Ukraina 31 Million Ýewro Kömek Berer

ÝB Ukrainany goranyş taýdan güýçlendirmek we parahatçylyga goşant goşmak maksady bilen 31 million ýewrolyk kömek berjekdigini habar berdi.

ÝB Geňeşinden berilen ýazmaça beýannama görä Ukraianyň ýany bilen Gruziýa, Moldowa we Mali Respublikasyna beriljek kömekler adybir ýurtlarda harby mümkimçilikleri we goranyşy güýçlendirip, parahatçylygy goldamagy maksat edinýär.

Ukraina esasanda adatdan daşary şertlerde ulanyljak göçme hassahanalar, logistiki düzümler ýaly harby lukmançylyk enjamlarynyň maliýeleşdirilmegi üçin 31 ýewrolyk goldaw 36 aýyň dowamynda beriler.

Gruziýa hem şol maksat bilen we şol möhletde 12,7 million ýewrolyk, Moldowa 7 million ýewrolyk kömek beriler.

Mali Respublikasyna bolsa 30 aýlyk möhletde 24 million ýewrolyk kömek häzirki wagtda şol ýurtda iş alyp barýan ÝB-niň Bilim missiýasynyň çäginde beriler.



Degişli Habarlar