ABŞ Siriýada ÝPG/PKK Terrorçylaryna Ýaragly Tälim Berýär

ABŞ we onuň öňbaşçylyk edýän hyzmatdaş güýçleri 2015-nji ýyldan bäri müňlerçe ÝPG/PKK terrorçyasyna ýaragly tälim berdi.

1742679
ABŞ Siriýada ÝPG/PKK Terrorçylaryna Ýaragly Tälim Berýär

ABŞ-nyň Ýörite harby güýçleri Siriýanyň demirgazyk gündogaryndaky Hasaka welaýatynda ýüzlerçe ÝPG/PKK terrorçysyna ýaragly tälim bermäge başlady.

Ýerli çeşmelerden alynan maglumata görä ABŞ-nyň Ýörite harby güýçleri Ýefrat derýasynyň gündogarynda ÝPG/PKK agzalaryna ýaragly tälim bermek maksady bilen Yragyň üstaşyr 70 esgerini 28-nji noýabrda Hasaka getirdi.

Terror guramasynyň gözegçiligindäki Hasaka welaýatynyň demirgazyk gündogarynda ABŞ-nyň harby howa bazasynyň ýerleşýän Rumeýlan etrapçasyna baran Amerikan esgerleri 1-nji dekabrda ýüzlerçe ÝPG/PKK terrorçylaryna ýaragly tälim bermäge başlady.

Bir aý dowam etjek tälimde terrorçylara ýeňil, orta we agyr ýaraglaryň ulanylşy, obalara hüjüm we gizlinlik bilen siňmek boýunça tejribeli tälim beriler.

Tälimden soň terrorçylaryň bir böleginin Hasakadaky Şaddadi etraby bilen Deýrezzordaky Omar nebit känine ugradyljakdygy, galanlarynyň Rumeýlanda iş alyp barjakdygy öwrenildi.

Terror guramasy DAEŞ-e garşy döredilen hyzmatdaşlyga goşulan ABŞ-nyň we Fransiýanyň Ýefrat derýasynyň gündogaryndaky Hasaka hem-de Deýrezzor welaýatlarynda ÝPG/PKK terrorçylaryna ozalam dürli harby tälimler berendigi bilinýär.

Hasakadaky käbir Amerikan bazalarynyň ýany bilen Abdulaziz dagynda we sport desgalary bilen Deýrezzordaky Omar nebit käni tälim zolagyna öwrüdi.

Häzirki wagtda Siriýada ABŞ-nyň hemaýatynda hereket edýän fransuz esgerleri bolsa ÝPG/PKK terrorçylaryna artilleriýa tälimini beripdi.

Şeýlelikde  ABŞ we onuň öňbaşçylyk edýän hyzmatdaş güýçleri 2015-nji ýyldan bäri müňlerçe ÝPG/PKK terrorçyasyna ýaragly tälim berdi.

 



Degişli Habarlar