Ukraina we ABŞ Russiýa garşy eýmendirme bukjasyny taýarlaýarlar

Ukraina Russiýa garşy köptaraplaýyn ykdysady sanksiýalary hem öz düzüminde jemleýän eýmendirme bukjasynyň üstünde ABŞ bilen bilelikde işleýändiklerini habar berdi

1742118
Ukraina we ABŞ Russiýa garşy eýmendirme bukjasyny taýarlaýarlar

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba, Twitterden beren beýanatynda, Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) 28-nji ministrler maslahatyna gatnaşmak maksady bilen giden Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherinde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken dilen duşuşyk geçirendigini mälim etdi. 

Duşuşykda güýçli Ukraina-ABŞ strategik hyzmatdaşlyklaryny tassyklandyklaryny aýdan Kuleba: "Russiýany mundan başga agressiw hereketlerinden uzaklaşdyrmak üçin berk ykdysady sanksiýalary hem öz düzüminde jemleýän köptaraplaýyn eýmendirme bukjasyny taýarlamak üçin üstünde işleýäris" diýip aýan etdi. 


Etiketkalar: #ABŞ , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar