Russiýa Kuril Adalaryndaky Harby Pozisiýalaryny Güýçlendirýär

Sowet Soýuzy 2-nji Jahan urşunyň ahyrynda Kuril adalaryny basyp alypdy.

1742102
Russiýa Kuril Adalaryndaky Harby Pozisiýalaryny Güýçlendirýär

Russiýanyň Ýaponiýa serhediniň golaýyndaky Kuril adalaryna degişli Matua adasynda ilkinji gezek “Bastion” kenarýaka howpsuzlyk ulgamlaryny ornaşdyrandygy habar berildi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýannamada Rus Ýumaş umman flotunyň Matua adasyna amfibik hüjüm gämileri bilen harby güýç we enjam getirendigi mälim edildi.

Harby personalyň Matua adasynda etrapdaky suw giňişliginewe bogazlara gözegçilik etjekdigine üns çekilýän beýannamada; “Matua adasynda ilkinji gezek “Bastion” kenarýaka howpsuzlyk goranyş ulgamlary ornaşdyryldy” diýilýär.

Rus önümi bolan “Bastion” kenarýaka goranyş ulgamy dürli görnüşdäki gämilere garşy hüjüm maksatly peýdalanylýar.

Kuril adalarynyň merkezinde ýerleşýän Matua adasy 2-nji Jahan urşunda Ýaponiýa tarapyndan harby flot bazasy hökmünde ulanylypdy.

2-nji Jahan urşunyň ahyrynda Sowet Soýuzy Ýaponiýanyň Ýuwaş umman bilen Ohotsk deňizini biri-birinden aýyrýan 1300 kilometrlik Kuril adalaryny 1945-nji ýylda basyp alypdy.



Degişli Habarlar