Omikron Wariantyna Garşy Göreşde Delta Wariantynda Gazanylan Tejribelerden Peýdalanylar

Bu barada BSGG-nyň Günbatar Ýuwaş Umman sebitiniň Direktory Takeşi Kasai beýanat berdi.

1742594
Omikron Wariantyna Garşy Göreşde Delta Wariantynda Gazanylan Tejribelerden Peýdalanylar

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Ýumaş umman sebitinde käbir ýurtlar tarapyndan kabul serhetleri ýapma çäreleriniň koronawirusyn “Omikron” wariantyna garşy göreşde wagt taýdan peýdaly bolup biljekdigini, emma “Delta” warianynda gazanylan tejribeleriň ileri tutuljakdygy beýan edildi.

BSGG-nyň Günbatar Ýuwaş Umman sebitiniň Direktory Takeşi Kasai 26-njy noýabrda geçiren metbugat ýygnagynda sebitdäki käbir ýurtlar agyr şertleri başdan geçirýän bolsa, beýleki ençeme ýurtda bolsa Kowid-19-a ýolukýanlaryň we şol sebäpli aradan çykýanlaryň sanynyň azalýandygyny ýa-da durnuklydygyny aýtdy.

“Omikron” wariantyny adalandyryjy diýip häsýetlendirýändigini nygtan Kasai; “Serhet gözegçiligi wirusyn ýurda gelmegini yza süýşüripbiler we wagt taýdan peýdalydyr. Emma her bir ýurt we halk wirusa ýolukjaklaryň sanynyň artmagyna taýarlyk görmeli” diýdi.

Kasai täze wariantyň has ýokaşyjy boljakdygy sebäpli testleriň we barlaglaryň sanynyň artdyrylmagynyň möhümdigini beýan etdi.

BSGG-nyn Sebitleýin adatdan daşary ýagdaýlar bölüminiň Direktory Babatunde Olowokture bolsa “Delta” wariantynda gazanylan tejribäniň “Omikrona” garşy göreşde ileri tutuljakdygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar