Ýaponiýa deňizinde ýük gämisi batdy

Ýaponiýa deňizinde ýük gämisiniň batmagy netijesinde gäminiň ekipažyndan 17 adam halas edildi, 1 adamyň gözleg işleri bolsa dowam edýär

1741738
Ýaponiýa deňizinde ýük gämisi batdy

Panama döwletine degişli "Houei Crystal" ýük gämisi, Ýaponiýanyň günbataryndaky Şimane welaýatynyň suw giňişliginde betbagtlyk signalyny berdi. 

Signaly alan Ýaponiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy sebite halas ediş topar gönükdirdi. 

Ýük gämisiniň Okinoşima adasynyň 380 km demirgazyk-gündogarynda batandygy habar berildi. 

Sebite gönükdirilen Günorta Koreýa degişli Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli gämiler, batan gämiden halas ediş gaýygy bilen halas bolan 17 adamy tapdylar. 

Ýaponiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy bolsa dereksiz ýiten 1 adamyň gözleg işlerini dowam etdirýär. 

Batan gäminiň Russiýanyň Nahodka portyndan Ýaponiýanyň Kinuura portyna 8 müň tonna kömür alyp barýandygy aýan edildi. 

Gäminiň ekipažynyň ählisiniň Wýetnamyň raýatly bolandyklary beýan edildi. 



Degişli Habarlar