“Saud Arabystanynyň Kabuldaky Ilçihanasynyň Konsullyk Bölümi Açyldy”

Saud Arabystany, Kabuldaky ilçihanasynda konsullyk bölüminiň açylandygyny habar berdi.

1741491
“Saud Arabystanynyň Kabuldaky Ilçihanasynyň Konsullyk Bölümi Açyldy”

Saud Arabystany, Owganystanyň paýtagty Kabuldaky ilçihanasynda konsullyk bölüminiň açylandygyny habar berdi.

Saud Arabystanynyň  SPA habarlar gullugy, Daşary işler ministrliginiň mesele hakyndaky beýannamasyna ýer berdi.

Beýannamada, “Saud Arabystanynyň Kabuldaky ilçihanasynyň konsullyk bölümi sişenbe güni açyldy” diýildi.

Ady agzalýan kararyň, owgan halkyna konsullyk hyzmadynyň berilmegi maksady bilen kabul edilendigi ýatladyldy.

Saud Arabystany, 29-njy noýabrda Owganystan meselesiniň seljerilmegi üçin Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň adatdan daşary ýagdaýda jemlenişmegi barada çagyryş beripdi.



Degişli Habarlar