Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Donbass bilen bagly beýanat berdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Donbassdaky söweşi Russiýa bilen gönüden gepleşikler bolmadan bes edip bolmajakdygyny beýan etdi

1741551
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Donbass bilen bagly beýanat berdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Parlamentde eden çykyşynda, Donbassdaky ýagdaýyň üstünde durup geçdi. 

Donbassda eýýäm 8 ýyl bäri söweşiň dowam edýändigini aýdan Ukrainanyň lideri, ruslar bilen gönüden gepleşikler geçirmekden gorkmaýandygyny aýan etdi. 

Zelenskiý: "Eger Donbassy yzyna gaýtaryp almak isleýän bolsak, biri-birimize hakykatlary aýtmakdan gorkmaly däldiris" diýip habar berdi. 

Russiýa bilen gönüden gepleşikler bolmadan söweşi duruzyp bolmajakdygyny aýdan Wladimir Zelenskiý, ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň oňa göz ýetirendigine, emma ýurdyň içindäki käbir töwerekleriň oňa göz ýetirmändigini beýan etdi. 

Zelenskiý, haýsy Ýewropa ýurtlarynyň özlerini hakykatdan hem goldaýandygyny we haýsylarynyň rol oýnaýandygyny belläp, özlerine goldaýanlara minnetdarlyk bildirdi. 



Degişli Habarlar