Ukraina NATO Agza Ýurtlardan Goldaw Soraýar

Ukraina NATO agza ýurtlardan Russiýa garşy ykdysady sanksiýalary hem öz içine alýan “ýüz öwürdiji bukja” taýarlamagyny talap etdi.

1741438
Ukraina NATO Agza Ýurtlardan Goldaw Soraýar

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kubela Latwiýanyň paýtagty Rigada geçirilen NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň Russiýa bilen bagly bölüminde alýansa girýän 30 ýurduň ministrleri bilen duşuşdy.

Kuleba duşuşykdan öň žurnalistlere beren beýanatynda; “NATO-nyň ýaranlaryny ýüz öwürdiji bukja taýarlamaklary üçin Ukraina bilen bilelikde işleşmäge çagyrýarys” diýdi.

NATO-nyň Ukraina bilen harby hyzmatdaşlygyny artdyrmagyny we sanksiýalary hem öz içine alýan bukja taýarlamagyny islän Kuleba, Russiýa garşy şeýle çäreleriň görülmelidigini beýan etdi.

Kuleba; “Bilelikde tagalla edip, utgaşykly işleşsek Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putini el çekdirip bileris we iň agyr ýoly saýlamakdan ýüz öwürdip bileris. İn agyr ýol harby operasiýadyr” diýdi.

Soňky hepdelerde Russiýanyň Ukraina serhedine goşmaça harby güýç getirendigi habar berilýär. NATO Russiýanyň serhet zolagyndaky hereketleriniň artandygyna ünsi çekip, resmi Moskwany dartgynlygy azaltmaga çagyrýar.



Degişli Habarlar