Owganystanda ýaragly çaknyşyk boldy

Çaknyşykda Talibanyň 2 agzasynyň ýaralanandygy beýan edildi

1741106
Owganystanda ýaragly çaknyşyk boldy

Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynda Talibanlylar bilen terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçylaryň arasynda bolan ýaragly çaknyşykda guramanyň 3 agzasy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Nangarhardaky Talibanyň resmileri, welaýatyň merkezi Jelalabad şäherinde terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýanyň geçirilendigini habar berdiler. 

Operasiýanyň barşynda öýleriň birine sygynan DAIŞ-e agza terrorçylar bilen Talibanyň agzalarynyň arasynda ençeme sagatlap dowam eden çaknyşygyň başdan geçirilendigini aýdan resmiler, ýaragly çaknyşyklaryň netijesinde DAIŞ-iň 3 agzasynyň öldürilendigi mälim edildi. 

Resmiler çaknyşykda DAIŞ-iň Nangarhardaky ýolbaşçysy bilen birlikde guramanyň jemi 2 agzasynyň bolsa ýaralanandygyny aýan etdiler. 

Çaknyşykda Talibanyň 2 agzasynyň ýaralanandygy beýan edildi. 



Degişli Habarlar