“Omikron Sebäpli Dowla Düşmäň”
Ugur Şahin bilen Özlem Türeji, koronawirusyň Omikron görnüşi sebäpli dowla düşülmeli däldigini aýtdy.
Germaniýada täze görnüş koronawirusa garşy sanjym taýarlan BioNTech firmasynyň gurujylary asly türk alymlar Ugur Şahin bilen Özlem Türeji, koronawirusyň Omikron görnüşi sebäpli dowla düşülmeli däldigini aýtdy.
Ugur Şahin bilen Özlem Türeji, Germaniýanyň Maýns şäherinde metbugata beýannama berdi.
Koronawirusyň Omikron görnüşi hakynda iki hepde soň ähli görkezijileriň gelmegi bilen anyk netijäniň belli boljakdygyna ünsi çeken Ugur Şahin “Omikron sebäpli gorkmaň we dowla düşman. Bu görnüşiň mutassiýalarynyň bardygyny bilýäris. Sanjymyň bu görüşe ýetirýän täsiri az, emma hassalygy agyr geçirmekden goraýandygyny bilýäris” diýdi.
Şahin “Üçünji doza sanjymyň netijesiniň has ýokarydygy anyklandy” diýip belledi.
Ugur Şahin, “Geçirlen barlaglara görä, sanjymyň ýaramaz täsiri ýok”diýdi.
Degişli Habarlar
Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 431 günden bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.
BMG:Siriýadaky geçiş etabynda geçmişde jenaýat edenler jerimesini çekmeli
Syýasy geçiş etabynda, adam hukuklaryny basgylanlaryň adalatyň öňünde jogap bermelidigi nygtaldy.