Lawrow: "Erdogan we Putin Ukraina krizisini maslahatlaşarlar" diýdi

Lawrow, Federasiýa geňeşinde sözlän sözünde, Ukraina krizisi bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi

1741461
Lawrow: "Erdogan we Putin Ukraina krizisini maslahatlaşarlar" diýdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dostlukly ýagdaýda dowam edýändigini belläp: "Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň arasynda telefon söhbetdeşliginiň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Türkiýäniň Ukraina krizisinde araçylyk etmek bilen bagly mesele hem geçiriljek şol telefon söhbetdeşliginde maslahatlaşyljakdygyny pikir edýärin" diýip habar berdi. 

Sergeý Lawrow, Federasiýa geňeşinde sözlän sözünde, Ukraina krizisi bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi. 

NATO-nyň Ukrainany täsiri astyna alyp, Russiýa garşy bir ýagdaýa büremäge synanyşýandygyny öňe süren Sergeý Lawrow: "NATO Kiýewi öldüriji ýaraglar bilen üpjün edýär we ABŞ, hem howada hem-de deňizde serhetlerimiziň golaýynda öjükdiriji hereketler edýär" diýip beýan etdi. 

Sergeý Lawrow, Prezident Erdoganyň Türkiýäniň sebitde parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin Russiýanyň we Ukrainanyň arasynda araçylyk edip biljekdigi bilen bagly beýanatynyň üstünde durup geçip: "Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň arasynda telefon söhbetdeşliginiň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Türkiýäniň Ukraina krizisinde araçylyk etmek bilen bagly mesele hem geçiriljek şol telefon söhbetdeşliginde maslahatlaşyljakdygyny pikir edýärin" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar