Stoltenberg Russiýanyň Ukraina Serhedindäki Harby Operasiýalaryna Alada Bildirdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Russiýanyň Ukraina serhedindäki harby operasiýalaryna alada bildirýändigini beýan etdi.

1740826
Stoltenberg Russiýanyň Ukraina Serhedindäki Harby Operasiýalaryna Alada Bildirdi

Stoltenberg: “Russiýanyň Ukraina garşy haýsydyr bir agressiwliginiň netijesi hem syýasy hem-de ykdysady taýdan özüni görkezer” diýdi.

Stoltenberg şu gün we ertir NATO-nyň Daşary işler ministrleriniň derejesindäki maslahatyna ýer eýeçiligi etjek Latwiýanyň paýtagty Rigada Prezident Egils Lewits bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

İki gün dowam etjek maslahatda Russiýanyň Ukraina serhedine garby güýç getirmegi we Belarusdan Polşa, Latwiýa we Litwa geçmek üçin serhede gidenler hakynda pikir alyşyljakdygyny aýdan Stoltenberg, resmi Belarusyň immigrantlardan hyýanatçylykly peýdalanýandygyny we onuň sebitiň durnuklylygyna zyýan ýetirýändigini mälim etdi.

Ukraina-Russiýa serhedindäki ýagdaý bilen hem ýakyndan gyzyklanýandyklaryny nygtan Stoltenberg; “Russiýa şu ýyl ikinji gezek giň gerili we däp bolmadyk görüşde harby güýçlerini sebite getirdi. Bärde agyr ýaraglar, artilleriýa güýçleri, sowutly harby bölümler, uçarmansyz howa ulaglary we elektron söweş ulgamlary bilen onlarça müň söweşe taýar esger bar. Bu harby güýç sebäpsiz we düşündirişsiz görnüşde getirildi. Ol dartgynlygy artdyrýar, ýalňyş hasaplaryň ýüze çykma ähtimallygyny artdyrýar. Russiýanyň Ukraina harby haýsydyr bir agressiwliginiň netijeji hem syýasy hem-de ykdysady taýdan özüni görkezer. Russiýa açyk bolmaly, dartgynlygy azaltmaly” diýdi.

Ýens Stoltenberg Baltika sebitinde NATO-nyň pozisiýasynyň güýçlendirilmegi boýunça maksatnamanyň bolup bolmandygy hakyndaky soraga jogap hökmünde bolsa Russiýanyň 2014-nji ýylda Krymy anneksirlemeginden soň NATO-nyň sebitdäki pozisiýasyny güýçlendirendigini aýtdy.

Stoltenberg NATO-nyň Daşary işler ministrleriniň derejesindäki maslahatynda Russiýadan daşgary alýansyň geljek ýyl İspaniýada geçiriljek Sammitinde kabul edilmegi meýilleşdirilýän täze Strategik konsepsiýasynyň hem seljeriljekdigini beýan etdi.

 



Degişli Habarlar