Mahmud Abbas, Kataryň Emiri Bilen Palestina Meselesi Hakynda Pikir Alyşdy

Abbas bilen Al Sani, Palestina bilen Kataryň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda hem pikir alyşdy.

1741045
Mahmud Abbas, Kataryň Emiri Bilen Palestina Meselesi Hakynda Pikir Alyşdy

Resmi sapar bilen Katara giden Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, paýtagt Dohada Emir Al Sani bilen duşuşdy.

Palestinanyň resmi “WAFA” habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Abbas, Kataryň Emiri Al Sani bilen Palestina meselesinde başdan geçirlen soňky wakalar bilen Ysraýylyň Iýerusalimde alyp barýan syýasaty hakynda maglumat berdi.

Abbas bilen Al Sani, Palestina bilen Kataryň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda hem pikir alyşdy.

Palestinanyň Prezidenti Abbas, Emir Al Saniniň myhmany hökmünde Kataryň ýer eýeçiliginde noýabr aýynyň 30-y bilen dekabr aýynyň 18-i aralygynda geçiriljek Arap kubogynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Doha gidipdi.



Degişli Habarlar