Lukaşenko serhet zolagyndaky ýagdaý bilen bagly beýanat berdi

Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, serhet zolagyndaky dartgynlyk sebäpli bolmagy ähtimal gödek we bikanun aksiýalara garşy taýarlykly bolmak barada buýruk berdi

1740513
Lukaşenko serhet zolagyndaky ýagdaý bilen bagly beýanat berdi

Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Goranmak ministrliginde harby howpsuzlygyň resmileri bilen geçiren duşuşygynda sözlän sözünde, serhet zolagyndaky ýagdaýyň üstünde durup geçdi. 

Özlerine garşy garaşylmadyk hüjümleriň artandygyny aýdan Lukaşenko, ýurdunyň bosgun krizisine sezewar galjakdygyny hyýal hem etmenändiklerini we şol krizisiň ulalandygyny aýan etdi. 

Günbataryň bosgunlary, Russiýa bilen çaknyşyk başdan geçirilen ýagdaýynda Belarussiýanyň goşunyny gözegçilik astyna almagyň ýoly hökmünde ulanýandygyny aýdan Lukaşenko: "Ýurdumyza göç tolkuny azaldy. Özleri şol adamlary ulanýandyklary üçin aladalanýandyrlar diýip pikir edýärin. Şol adamlary öz içerki meseleleri çözmek we bizi hüşgärlikde saklamak üçin ulanýarlar" diýip habar berdi. 

Bosgun krizisinde adamlary öldürjek derejä ýetilendigini belläp, ýurdunyň Günbatar serhedine ýatylýan haltanyň içine goýulan adamlaryň jesetleriniň zyňylandygyny aýdan Lukaşenko, Goranmak ministrine we Baş Ştabyň başlygyna "Belarussiýa garşy bolmagy ähtimal gödek we bikanun aksiýalara garşy jogap meýilnamasynyň taýarlykly bolmagy barada" görkezme berilendigini beýan etdi. 

Belarussiýanyň Döwlet serhet komitetinden wideoaragatnaşyk arkaly berilen beýanatda, Litwanyň howpsuzlyk güýçleriniň Belarussiýanyň serhetleriniň çägine bosgun jesetlerini atmaga dowam edýändigi habar berildi. 

Düýn gije Belarussiýa-Litwa serhedinde howpsuzlyk güýçleriniň ýenjilen we horlanan erkek jesedini tapandyklary bellenen beýanatda, geçirilen barlaglarda jesediň, Litwa serhedinden süýrelip Belarussiýa geçirilendigi barada yzlaryň bardygy mälim edildi. 

Derňew işiniň dowam edýändigi bellenen beýanatda: "Bu Litwanyň we Polşanyň Ýewropa Bileleşigi serhetleriniň çäginde ýaşaýan adamlara garşy alyp barýan utançsyz we adamkärçiliksiz syýasatynyň 6-njy gurbany" diýip aýan edildi. 

Belarussiýanyň Grodno şäherindäki Bruzgi serhet zolagynda wagtlaýyn ýagdaýda taýarlanylan logistika merkezindäki ýapyk meýdanda, aglabasy Yrakdan baran we Ýewropa geçmäge synanyşan adamlar bolsa garaşmaga dowam edýär. 



Degişli Habarlar