Ýaponiýa, Koronawirusyň Omikron Görnüşi Sebäpli Serhetlerini Ýapýar

Türkiýe bilen birlikde birnäçe ýurt koronawirusyň omikron görnüşi sebäpli Günorta Afrika ýurtlaryna syýahat edilmegini gadagan edipdi.

1739999
Ýaponiýa, Koronawirusyň Omikron Görnüşi Sebäpli Serhetlerini Ýapýar

Ýaponiýa, Günorta Afrikada hasaba alynan koronawirusyň Omikron görnüşi sebäpli serhetlerini ýapýar.

Kýoda habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, hökümet Afrika ýurtlaryny koronawirusyň täze görnüşi sebäpli gyzyl sanawa aldy.

Ýapon hökümeti, sişenbe gününden başlap daşary ýurtlylar üçin serhetlerini ýapjakdygyny mälim etdi.

Afrika ýurtlaryndan Ýaponiýa gelen ýolagçylar ozal kesgitlenen ýerlerde 10 gün karantin astyna alynar we 10 günüň dowamynda belli aralyklarda testden geçirler.

Türkiýe bilen birlikde birnäçe ýurt koronawirusyň omikron görnüşi sebäpli Günorta Afrika ýurtlaryna syýahat edilmegini gadagan edipdi.



Degişli Habarlar