Ýaponiýa Bilen Russiýa Gepleşikleriň Dowam Etdirilmegi Meselesinde Ylalaşyk Gazandy

Iki ýurdyň daşary işler ministri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1739083
Ýaponiýa Bilen Russiýa Gepleşikleriň Dowam Etdirilmegi Meselesinde Ylalaşyk Gazandy

Ýaponiýa bilen Russiýa, iki ýurduň arasynda söweşden soň başlan parahatçylyk gepleşikleriniň dowam etdirilmegi meselesinde ylalaşyk gazandy.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Haýaşi Ýoşimasa bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşan iki kärdeş, söweşden soň başlan parahatçylyk gepleşikleriniň dowam etdirilmegi meselesinde ylalaşyk gazandy.

Lawrow bilen Haýaşi Kuril adasynda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda hem pikir alyşdy.

Ýaponiýanyň Daşary işler ministri, Ýaponiýa-Russiýa gatnaşyklarynyň syýasy, ykdysady we medeni taýdan özara bähbide laýyklykda ösdürilmegini arzuw edýändiklerini belledi.



Degişli Habarlar