Owgan gyzy Şarbat Gula Italiýa sygyndy

"National Geographik" žurnalynyň baş sahypasynda suraty ýerleşdirilen we ondan soň meşhur bolan owgan gyzy Şarbat Gula Italiýa sygyndy

1739170
Owgan gyzy Şarbat Gula Italiýa sygyndy
Sharbat Gula.JPG
Sharbat Gula.jpg

Italiýanyň hökümedi, Talibanyň Owganystanda gözegçiligi ele geçirmeginden 3 aý soň ýurdy terk etmek islän Şarbat Gula ewakuasiýa tapgyrynda kömek berendiklerini habar berdi. 

Italiýanyň Ministrler kabinetiniň mejlisi tarapyndan berilen beýanatda, Owganystanyň raýaty bolan Şarbat Gulanyň Italiýanyň paýtagty Rim şäherine barandygy aýan edildi. 

Şarbat Gula 1985-nji ýylda Pakistanyň Peşawar şäherindäki bosgun düşelgesinde ýaş wagty amerikaly fotograf  Stiw Makkari tarapyndan alynan suratynyň "National Geographik" žurnalynyň baş sahypasynda ýerleşdirmegi bilen bütin dünýäniň ünsüni özüne çekipdi. 


Etiketkalar: #Italiýa , #gyz , #sygynmak , #Owganystan

Degişli Habarlar