ÝB-na Agza Ýurtlar, Afrika Ýurtlaryna Guraýan Uçar Saparlaryny Bes eder

Afrikada koronawirusyň has howply görnüşiniň hasaba alynandygy sebäpli, uçar saparlarynyň bes edilmegi meýilleşdirilýär

1739315
ÝB-na Agza Ýurtlar, Afrika Ýurtlaryna Guraýan Uçar Saparlaryny Bes eder

ÝB, Afrikanyň günortasynda koronawirusyň has howply görnüşiniň hasaba alynandygy sebäpli, Afrika ýurtlaryna guralýan uçar saparlarynyň bes edilmegini meýilleşdirýär.

ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen, Twitterden beren habarnamasynda “Komissiýa, agza ýurtlara Afrikanyň günortasynda koronawirusyň has howply görnüşiniň hasaba alynandygy sebäpli, Afrika ýurtlaryna guralýan uçar saparlarynyň bes edilmegini teklip eder” diýdi.

Britaniýa hem Günorta Afrikada koronawirusyň täze görnüşiniň hasaba alynandygy sebäpli käbir Afrika ýurtlaryny “howply ýurt” sanawyna alypdy.



Degişli Habarlar