Russiýa, Türkiýe-Ermenistan Gatnaşyklarynyň Kadalaşmagyna Goldaw Berýär

“Russiýa, sebitde parahatçylygyň ýola goýulmagy we Türkiýe-Ermenistan gatnaşyklarynyň kadalaşmagy üçin elinden geleni etmäge taýar"

1738859
Russiýa, Türkiýe-Ermenistan Gatnaşyklarynyň Kadalaşmagyna Goldaw Berýär

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa metbugata beren beýannamasynda Günorta Kawkazda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda maglumat berdi.

Ermenistanyň, Türkiýe bilen gepleşik geçirmek üçin Russiýadan goldaw sorandygyny nygtan Zaharowa, “Russiýa, bu etapda Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy meselesi bilen ýakyndan gyzyklanýar” diýdi.

Zaharowa, Russiýanyň, Türkiýe-Ermenistan gatnaşyklarynyň kadalaşmagyna ýakyndan goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady.

Zaharowa, “Russiýa, sebitde parahatçylygyň ýola goýulmagy we Türkiýe-Ermenistan gatnaşyklarynyň kadalaşmagy üçin elinden geleni etmäge taýar” diýdi.



Degişli Habarlar