Burkina-Fasoda guralan terrorçylykly hüjümde 3 esger ýogaldy

Burkina-Fasonyň demirgazygynda guralan terrorçylykly hüjümde 3 esger ýogaldy, 11 terrorçy bolsa täsirsiz ýagdaýa getirildi

1739161
Burkina-Fasoda guralan terrorçylykly hüjümde 3 esger ýogaldy

Ýurdyň Baş ştabyndan berilen ýazmaça beýanata görä, Ýetanga welaýatyndaky harby birikme ýaragly adamlaryň hüjümine sezewar galdy. Wakada 11 terrorçy öldürildi, 3 esger ýogaldy, 10 esger bolsa ýaralandy. 

Burkina-Fasonyň Sanmatenga welaýatynda 22-nji noýabrda guralan hüjümde bolsa 9-y Žandarma güýçlerinden bolan jemi 19 adam ýogalypdy. 

Sahel sebitinde 14-nji noýabrda guralan hüjümde bolsa 49-y esger jemi 53 adam ýogalypdy. Wakadan soň ýurtda Prezident Roh Mark Kristian Kaboreniň wezipesinden çekilmegi üçin protestler geçirilipdi. 

Goňşy ýurt bolan Malidäki Al Kaýda we DAIŞ ýaly terror guramalary bilen arabaglanşykly bolan terrorçylykly toparlar, 2015-nji ýyldan bäri Burkina-Fasonyň demirgazygynda we gündogarynda ýygy-ýygydan hüjümler guraýar. 

Burkina-Faso Sahel sebitindäki beýleki goňşysy bolan Niger döwleti bilen bilelikde operasiýalar geçirsede, Mali döwletinde ýerleşýän terrorçy toparlaryň güýjüni gowşatmaýar. 

BMG tarapyndan berilen habara görä şu ýylyň başyndan bäri 17 müň 500 adam howpsuzlyk aladalary sebäpli ýurdy terk etmäge mejbur galdy. 



Degişli Habarlar