Taliban Bilen ABŞ-nyň Arasyndaky Gepleşikler Başlaýar

Katarda başlajak gepleşikler Doha şertnamasynyň çäginde geçirler

1738161
Taliban Bilen ABŞ-nyň Arasyndaky Gepleşikler Başlaýar

Owganystandaky Taliban hökümeti bilen ABŞ-nyň arasynda geçiriljek gepleşikler geljek hepde başlar.

Talibanyň metbugat geňeşçisi Zabihullah Müjähid, metbugata beren beýannamasynda, Katarda başlajak gepleşikleriň Doha şertnamasynyň çäginde geçiriljekdigini ýatlatdy.

Müjähid, gepleşiklerde, Owganystandaky ykdysady krizis we saklanan pullaryň ulanylmagyna rugsat berilmegi meselesiniň seljediljekdigini belledi.

Geçiriljek gepleşikleriň iki ýurduň bähbidine bolan diplomatik gatnaşyklaryň başlamagynda esasy rol oýnajakdygyny aýdan Müjähid, Talibanyň wadasynda durjakdygyny nygtady.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Ned Praýs hem iki hepde dowam etjek gepleşiklere ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Westiň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Praýs, gepleşiklerde terrora garşy göreş, ABŞ-nyň Owganystandaky bähbitleri, ABŞ-nyň Owganystandaky raýatlary, gullukçylaryň howpsyz ýagdaýda ýurtdan çykarylmagy we ynsanperwer kömeginiň berilmegi ýaly meseleleriň seljeriljekdigini belledi.



Degişli Habarlar