Somalide Bombaly Hüjüm Guraldy

Aş Şebab, Somalide ýygy-ýygydan howpsyzlyk güýçlerini we asuda ilaty nyşana alýan hüjümler guraýar.

1738464
Somalide Bombaly Hüjüm Guraldy

Somaliniň paýtagty Mogadişuda guralan bombaly hüjümde 8 adam ýogaldy.

Somaliniň howpsyzlyk güýçleri, Afrika Bileleşiginiň Somali güýçlerine degişli ulag geçip barýarka bomba ýüklenen ulagyň ýarylandygyny habar berdi.

Hüjümde asuda ilat bilen birlikde azyndan 8 adamyň ýogalandygy, 23 adamyň bolsa ýaralanandygy nygtaldy.

Hüjümden Aş Şebabyň jogapkärdigi öňe sürülýär.

Aş Şebab, Somalide ýygy-ýygydan howpsyzlyk güýçlerini we asuda ilaty nyşana alýan hüjümler guraýar.



Degişli Habarlar