Putin, Aliýew we Paşinýan Bilen Soçide Duşuşar

Duşuşyk 26-njy noýabrda geçirler

1737726
Putin, Aliýew we Paşinýan Bilen Soçide Duşuşar

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň, 26-njy noýabrda Soçi şäherinde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen duşuşjakdygy habar berildi.

Kremlden berlen ýazmaça beýannamada, “Putin, Soçide Aliýew we Paşinýan bilen üçtaraplaýyn duşuşyk geçirer” diýildi.

Beýannamada duşuşygyň 26-njy noýabrda geçiriljekdigi nygtaldy.

Rus lideri Putiniň, Aliýew we Paşinýan bilen özara duşuşyk hem geçirjekdigi bellenildi.



Degişli Habarlar