Zelenskiý 28 Adama Sanksiýa Kararyny Güýce Girizdi

Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý 23 sanysy rus 28 adama sanksiýa kararyny güýce girizdi.

1735731
Zelenskiý 28 Adama Sanksiýa Kararyny Güýce Girizdi

Ukrainanyň Prezidentiniň Diwanyndan berilen beýannamada kararyň Milli goranmak we hopwsuzlyk geňeşiniň 20-nci awugustda kabul eden çözgüdine laýyklykda kabul edilendigi habar berildi.

Zelenskiýniň güýce girizen sanksiýalaryna göra 23 rus we 5 ukrain raýatyna 3 ýyl möhlet bilen sanksiýa goýular.

Milli goranmak we hopwsuzlyk geňeşiniň Başlygy Oleskiý Danilow 20-nci awustda Russiýa tarapyndan anneksirlenen Krymda we rus separatlarynyň gözegçiligindäki Donbassda käbir rus razwedkaçylaryna, kazylaryna we media işgärlerine sanksiýa goýmak hakynda karar kabul edendiklerini aýdypdy.



Degişli Habarlar